- biderek
- [bi:derek]1) Hiç zada ýaramaýan, dereksiz, netijesiz, peýdasyz, baş.∙ Biderek ýere pul sarp edesim gelenok diýipdir. (Myraly)∙ Bir okuň-a biderek gidendir, jigi! (J. Akyýew, Mergeniň Ogly)2) Ugursyz.∙ Asyl hiç kim bilen arasy saz däl, Hemişe görünýär biderek ýerde. (K. Gurbannepesow, Soldatyň Ýüregi)∙ Biderek zat üçin tutup dawany, Maňa garşy öjükdirýär obany. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ýok, ýok, biderek gürrüň, ygtyýar agada bolsa, munuň ganyny içer. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)3) Sebäpsiz, nähak.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem biderek - bideregi.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.